logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Gyz galasy maý aýynda jahankeşdeler üçin açylar!
  04.04.2023
1211
Gyz galasy maý aýynda jahankeşdeler üçin açylar!

Bosforyň bogazynyň ajaýyp ýerlerinden biri bolan Gyz galasynyň dikeldiş işleri tamamlanyp barýar. Gadymy gala maý aýynyň birinji hepdesinde jahankeşdeler üçin açylar. Taryhy ýeriň açylýandygyny Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi habar berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gyz galasynyň 2500 ýyldan gowrak taryhy bar.  Taryhy subutnamalara ser salanymyzda, gala miladydan öňki 410-njy ýylda Bosfor bogazyndan geçýän gämilere gözegçilik etmek we salgyt ýygnamak üçin gurlupdyr. Gala Osmanly imperiýasy döwründe gaýtadan dikeldiş işleri geçirilipdir.

Gyz galasy Stambul zabt edilýärkä wenesiýalylar tarapyndan baza hökmünde peýdalanylypdyr. Fatih Soltan Mehmet Stambuly alandan soň kiçi galany ýykdyrýar we ýerine daşdan, daş-töweregi süzgeçli kiçijik gala gurduryp, ol ýere toplar goýdurýar. Häzirki galanyn düýbi we aşaky gatynyň esasy bölegi Fatih döwründen galan.

Taryhynyň dowamynda ençeme gezek weýran edilen we dikeldilen Gyz galasynda, dikeldiş işleri 1998-nji ýylda başlandan soň 2000-nji ýylda syýahatçylara açyldy. 

 

Merdan ALLAGULYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.