Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Sport /Gyşky sport oýunlary - biziň ýurdumyzda
  24.09.2023
456
Gyşky sport oýunlary - biziň ýurdumyzda

Sportuň gyşky görnüşleri diýip aýazly gyş aýlary döwründe oýnalýan sportuň oýunlaryna düşünilýär. Sportuň gyşky görnüşlerine köplenç, lyžada, konkide we sankide typmak degişli edilýär. Adatça, sportuň şular ýaly görnüşleri bilen diňe howanyň temperaturasy gyşyna 0⁰С-den ýokary bolmaýan sebitlerde meşgullanyp bolýar. Ýöne, emeli döredilen gar örtügi we emeli buzluk hem sportuň gyşky görnüşleri bilen islendik klimatly şertlerde meşgullanmaklyga mümkinçilik berýär. Yssy klimatly ýerlerde hokkeý oýny oýnalanda-da emeli döredilen buzluklaryň örän uly ähmiýeti bardyr.

 

 

Sportuň gyşky görnüşleriniň iki toparyny tapawutlandyrmak bolýar: umumy indiwidual we toparlaýyn oýnalýan görnüşler. Sportuň gyşky görnüşleriniň umumy indiwidual toparyna lyža çapyşyklaryny, dag lyžasyny, snouborody, tramplinadan lyža bökmekligi, buzda tans oýnamaklygy, sankida ýaryşmaklygy, skeletony, bobsleýi hem-de gar ýodalaryndaky typmaklygy degişli etmek bolýar. Toparlaýyn oýnalýan görnüşlerine şaýbaly hokkeý, pökgüli hokkeý we kýorling degişlidir. Sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda dünýä boýunça iň meşhury hokkeý hasaplanylýar.

 

 

Sportuň gyşky görnüşleriniň ajaýyplygy hem-de täsinligi olaryň gelip çykyş taryhy barada bilmeklige gyzyklanma döredýär. Demirgazyk sebitlerde gyş aýlarynda garyň köp ýagmagy we buzuň emele gelmegi sanki, lyža, konki ýaly transport serişdeleriniň köpelmegine getiripdir. Bu transport serişdeleri hem öz gezeginde gyş pasly üçin dürli hili oýunlaryň we sportuň köp görnüşleriniň peýda bolmagyna getirýär. Ýylyň aglaba böleginde otrisatel temperaturaly gyş pasly dowam edýän döwletlerde sportuň gyşky görnüşleri has hem meşhurlyga eýedir. Buzda hokkeý oýnamak, konkide çapyşmak, pökgüli hokkeý oýnamak ýaly görnüşler açyk asmanyň astynda oýnalmaga niýetlenilendir, ýöne şeýle bolsa-da, XX asyryň ortalaryndan başlap, sportuň bu görnüşleri bilen hem ýörite gurlan binalarda meşgullanylyp başlanylýar. Sportuň 60-a golaý gyşky görnüşleri bolup, olaryň häzirki wagtda giňişleýin ýaýranlaryndan buzda tans oýnamaklygy, şort-treki, konkide çapyşygy, şaýbaly hokkeýi, dag lyžasyny, biatlony, fristaýly, skibordy, telemarky, bobsleýi, sanki sportyny, skeletony, kýorlingi, rinkboly, aýsştoky, pökgüli hokkeýi, ringetti we beýlekileri görkezmek bolýar.

 

 

Hokkeý, buzda tans oýnamak, slalom, lyža gonkileri, biatlon yssy klimatly ýerleriň ýaşaýjylary üçin sportuň iň täsin görnüşleri hasaplanylýar. Biziň Watanymyz Türkmenistanda gyşyna howanyň temperaturasy günorta sebitlerde +20+25 ⁰C–ä çenli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň çäklerinde tomus aýlarynda bolsa, howanyň temperaturasynyň +45+47 ⁰C-ä çenli ýokarlanýandygyny görmek bolýar. Emma Gündogaryň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sportuň ýokardaky ady agzalan görnüşlerine gyzyklanma bildirilip, olar bilen meşgullanmaga uly üns berilýär.

 

 

Biziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap kemala getirmek, ýetginjekleriň arasynda sportuň gyşky görnüşlerini has hem  kämilleşdirmek maksady bilen emeli gar örtükli ýörite lyža ýollarynyň döredilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Buzly köşgüň döredilmegi bilen ýaşlaryň arasynda dünýä boýunça iň meşhur sport oýny bolan hokkeý giň gerime eýe bolup ugraýar. Ondan soňra sportuň gyşky görnüşleri boýunça 2 sany buzly arenadan we 10 müň orunlyk tomaşaçy zalyndan ybarat bolan sport toplumynyň döredilmegi bilen ýurdumyzyň türgenleriniň bu görnüşler boýunça işjeň taýýarlanyp, halkara olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi.

 

 

Güýçli türgenleri taýýarlap, olimpiýa derejesine çykmak üçin ökde trenerleriň elinde bir däl-de, birnäçe ýyllaryň dowamynda taýýarlanmaklyk zerurdyr. Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri mundan hem has ösüp, gelejekde Türkmenistan döwletimiziň bu ugurda dünýä arenasynda tanaljakdygyna ynanýarys!

 

Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
Hojalyk uniwersitetiniň talyby.