Belli bolşy ýaly, güýz aýlary ýylyň iň witaminlere baý aýlary hasaplanýar. Bu döwürde öz bedenimiz hem saglygymyz üçin mümkin boldugyça köp witaminleri kabul etmegimiz gerek. Çünki güýzki gök-önümler adamyň saglygyny berkitmek bilen, gyş paslyny gowy geçirmegimize ýardam edýär.
Alma. Bu miwede organiki kislotalaryň barlygy sebäpli, ol beden güýjüni aňsat hem çalt dikeltmäge kömek edýär. Onda bar bolan fosfor beýniniň işjeňligini artdyrýar we nerw ulgamyny berkidýär. Alma nerw ulgamynyň dogry işlemegi we rahat uky üçin peýdalydyr. C witamini biziň immun ulgamymyza dürli kesel ýaýradyjylardan goramaga ýardam edýär. Ol aýratyn-da, güýz möwsüminde has hem gymmatlydyr.
Şugundyr. Onuň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, şugundyry gan basyşyň ýokarlanmagynda iýmek peýdalydyr. Onuň düzüminde B topara degişli witaminler hem köpdür. Witaminleriň bu topary dyrnaklaryň, saçyň we deriniň sagdyn bolmagyna, nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin maddasy bolup, ol howply çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar.
Nar. Ol organizmiň öýjüklerine mümkin boldugyça köp wagtlap öz durkunda saklanmagyna we işdäňi açmaga kömek edýär. Bu bolsa iýmitiň gowy siňmegine getirýär. Ol ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam etmek bilen gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar.
Kelem. Bu gök-önüm minerallaryň özboluşly ammarydyr. Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy limonyň düzümindäkiden hem köpdür. Eger-de, adam her gün kelem iýse, onda insultyň ýüze çykma howpy belli bir derejede peselme ähtimallygy ýokarydyr. Kelemleriň içinde iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soňra brokkoli we reňkli kelemler durýar.
Kädi. Kädiniň düzüminde A witaminiň barlygy sebäpli, dürli ýanyklarda we aşgazan kesellerinde peýdalydyr. Ol örän gymmatly iýmit önümidir. Özüniň az kaloriýalylygy we gowy siňýänligi üçin, ol dürli iýmite goşulyp bilner. Onuň düzümi kaliý, pektin, karotin maddalaryna we witaminlere baýdyr. Bu önümiň düzüminde organizmde toplanan artykmaç toksinleri, holesterini we dürli galyndylary çykarýan pektin süýümleri bar.
Armyt. Bu gymmatly miwe mikroelementlere, organiki birleşmelere we witaminlere baýdyr. Olar efir ýaglarynyň kömegi bilen adamyň şähdini açmaga, dartgynlylygyny aýyrmaga ukyply bolup, bedene energiýa berýär. Bu miwe bedeniň temperaturasy peselen ýagdaýynda hem peýda edýär.
Hoz. Hoz ýaglaryň we beloklaryň gymmatly hazynasydyr. Onuň islendik görnüşi bedene oňyn täsir edýär. Beýniniň doly işlemegi üçin zerur kislotalar gerek bolup, olar hem kedr hozunda we adaty hozda köpdür. Hozlaryň dürli görnüşlerini gündelik iýmite goşup iýlende, beden energiýa bilen doly üpjün edilýär.
Bäşim ÖWEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.