logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy
  11.02.2023
1419
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy.

Resmi saparynyň ilkinji gününde Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly alty metjidiň biri hasaplanýan «Şeýh Zaýed» metjidine baryp, aýat-töwir okady. Bu metjit Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Müftisi bu beýik ynsanyň mawzoleýine - aramgähine baryp, ony hatyraladylar.

«Şeýh Zaýed» metjidinde Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkmenistanyň Müftisi, din wekilleri doga-dileg etdiler. Şeýle ýagşy ýörelgelerimiziň häzirki wagtda dowam etdirilmegi pederlerimiziň döwletli ýoluna goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.