logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
  27.03.2023
1265
Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

26-njy martda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdepdäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde guta býulleten atmak bilen, mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdi.

Saýlaw uçastogynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Arkadagymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň bu gezekki saýlawlarynyň jemlerinden nähili netijelere garaşylýandygy hakyndaky sowala Gahryman Arkadagymyz taryhyň dowamynda jemgyýet bolup ýolbaşçyny saýlamagyň däp-dessura girip gidendigi baradaky sözler bilen jogap berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de üstünlikli geçmegini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.