logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
  26.01.2023
877
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

25-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle-de «Altkom» we «Interbudmontaž» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragy gurplandyrmak maksady bilen, suwaryşyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ösen tejribelerini ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy ynanylan «Altkom» kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. «Interbudmontažyň» ýolbaşçysy bolsa ýurdumyzda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýşi barada maglumat berdi. Olar dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda toplan tejribelerini öz işlerinde netijeli ulanmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ähli derýalarynda, suw akabalarynda, şol sanda Garagum derýasynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmegiň, aýratyn-da, bu işlere gyş paslynda örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Derýalaryň ýakasynda bag nahallarynyň oturdylmagy, olaryň kenarynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzda ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyny hem üpjün eder. Hormatly Arkadagymyz ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda dowam edýän aýazly howanyň netijesinde Garagum derýasynyň we beýleki akabalaryň käbir ýerlerinde buz gatlaklarynyň emele gelendigini belläp, derýalaryň kenarlaryny berkitmäge, kadaly suw akymlarynyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy hem-de hemmelere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.