logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Health /Günde bary-ýogy 11 minut maşk etmek wagtyndan öň ölüm howpuny peseldýär!
  11.03.2023
1477
Günde bary-ýogy 11 minut maşk etmek wagtyndan öň ölüm howpuny peseldýär!

Kembrij uniwersitetinde geçirilen gözlegler günde bary-ýogy 11 minutlyk ortaça sport maşklarynyň rak, ýürek keseli ýa-da wagtyndan öň ölüm howpuny peseldip biljekdigini ýüze çykardy. Alymlar 11 minutlyk ortaça sport maşklaryna pyýada gezim etmek, tans, ylgaw, tigir sürmek ýa-da suwda ýüzmek ýaly zatlaryň hem degişlidigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda birnäçe adam sport zallaryna ýörite gatnap mejbury we özüne agram salyp maşklary we ýerine ýetirmeli beýleki düzgünleri etmeli bolýarlar. Şol sebäpli hem sport zallaryna gatnaýanlar bu mejbury edilen sport maşklaryny etmekde etmezligiň gowudygyny öňe sürýärler we tiz ýüz öwürýärler. Ýaňy-ýakynda geçirilen bir gözleg, günde bary-ýogy 11 minutlyk ortaça sport maşklarynyň rak, ýürek keseli ýa-da wagtyndan öň ölüm howpuny peseldip biljekdigini ýüze çykardy.

Kembrij uniwersitetiniň alymlary gözlegi 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip, 30 milliondan gowrak adamda synag etdiler. Mundan öňki gözlegler, fiziki işjeňligiň ýokary derejesi wagtyndan öň ölüm we dowamly keseliň pes derejesi bilen baglanyşyklydy. Şeýle-de bolsa, täze gözlegler has gowy netijeleri berdi. Gözlegi geçirmek biraz kyn boldy ýöne alymlar ahyrsoňy maglumatlary dogry seljermegi başardylar.

Gözleg, esasan, hepdede 150 minut ýa-da günde 22 minut maşk eden gatnaşyjylara gönükdirildi. Netijede, 150 minut orta we güýçli sport işjeňligi bilen meşgullanýan adamlaryň islendik sebäpden ölmek howpy 31 göterim, ýürek-damar kesellerinden ölmek howpy 29 göterim, rak keselinden ölmek howpy 15 göterim pese gaçandygy ýüze çykaryldy. 

 

Dawut AŞIROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.