logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /GÜN HAKYNDA BILÝÄRSIŇIZMI?
  15.10.2022
2113
GÜN HAKYNDA BILÝÄRSIŇIZMI?

- Gün – bu ýer şaryna iň ýakyn ýyldyz bolup, Ýer bilen Günüň aralygy 150 million kilometre deňdir. Mundan başga-da, Günden soň bize ikinji ýakyn ýyldyz 4 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Sentawra ýyldyzydyr;

- Ortaça Günüň doly bir aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolup,  Gün biziň galaktikamyz bolan «Akmaýanyň ýolunyň» merkeziniň daşyndan aýlanýar;

- Gün şöhlesi 8 minutda Ýer şaryna düşýär;

- Ýer şarynyň diametrinden günüň diametri 109 esse uly bolup, onuň diametri 1 392 000 kilometr we agramy bolsa, gün sistemasynyň 98%-ne deňdir;

- Günüň reňkini käbir adamlar sary ýa-da mämişi diýip düşünýärler, emma hakykatynda Günüň reňki akdyr. Ýagny,  Günden gelýän şöhläni atmosferanyň dargatmagy sebäpli Günüň reňki sary bolup görünýär;

- Güneşli günleriň sany Marokkoda (Demirgazyk Afrika) we Brisbende (Awstraliýa) bir ýylyň dowamynda 300-e ýetýär. Ýagny, Günüň düzümindäki wodorodyň her sekuntda 700 milliard tonnasy ýanýar;

- Ortaça 200-300 ýylda bir gezek Ýer şarynyň haýsy hem bolsa bir nokadynda Gün tutulma hadysasyny görmek bolýar. Gün tutulma hadysasy azyndan ýylda iki gezek bolup geçýär;

- Gündiziň dowamlylygy käbir ýurtlarda dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, Maltada tomsuna 10 sagat, Samarkantda 15 sagat, Stokgolmda 18 sagat, polýar aýlawynyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde 24 sagat bolýar. Emma, Şwesiýanyň Kiruna şäherinde gyş paslynyň dowamynda hiç hili gün görünmeýär.

 

Maksat HEMRAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.