logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
  07.01.2026
434
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýrak ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda tapawutlanan 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalary sylaglamaga niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan bu bäsleşik her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýüzlerçe zehinli çagany bir ýere jemleýär. Şu ýyl 99 gatnaşyjy we 4 döredijilik topary diplomlara hem-de ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy.

 

Gyşky dynç alyş möwsüminde geçirilýän däp bolan dabara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen utgaşyp, ýaş nesillere ruhubelentlik bagyşlady. Bäsleşik ýaşlaryň ylymda, sungatda we sportda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň döwlet we halkara derejesinde üstünlik gazanmagyna giň ýol açýar.

 

Dabarada ýaş nesliň bilim, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine aýratyn üns çekildi. Çärä Gulbabanyň döredijilik mirasyna bagyşlanan wideoşekiller, baýramçylyk çykyşlary we aýdym-sazlar aýratyn bezeg berdi.

 

Sylaglanan ýaşlar Watanymyzda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Aýjeren MEDEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Umumy himiýa kafedrasynyň
mugallymy.