5-nji maýda, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medenidynç alyş seýilgähinde «Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň!» ady bilen ekologik çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň uzak möhletleýin tebigaty goramak syýasatynyň halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.
Çäräniň barşynda medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik toparlarynyň aýdymsazly çykyşlary aýratyn ruhubelentlik ýagdaýyny döredip, bu wakanyň ähmiýetini artdyrdy. Ekologik çäräniň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hemde «Dizaýn plus» döredijilik jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan sergiýarmarka hem guraldy. Çärä gatnaşyjylar ussat senetçileriň taýýarlan amalyhaşam sungatynyň hemde halk senetçiliginiň dürli görnüşli eserleri bilen tanyşdylar. Milli äheňdäki sowgatlyk önümlerem sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hemaýatkärliginde geçirilen açyk sapak milli senetçilik önümleri bolan haly dokamagyň, keçe basmagyň, keşde çekmegiň, keteni taýýarlamagyň usullaryna bagyşlandy.
«Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň!» atly ekologik çärä gatnaşyjylara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan «Ekomoda we millilik» atly lybaslar toplumy görkezildi.