logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Gözel Aşgabat – ak bagtyň şäheri
  17.05.2023
940
Gözel Aşgabat – ak bagtyň şäheri

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady, medeni-durmuş taýdan uly ösüşler gazanylýar. Döwletimizde döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ylmy esasly innowasion senagat, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär, bu bolsa jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda şähergurluşyk-binagärlik keşbi babatda kämil görnüşe gelýän gözel paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün şäherleriň seresi, köňülleriň buýsanjydyr. Aşgabat - bagtyýar halkymyzyň gözüniň guwanjy, ýüzüniň tuwagydyr. Arkadagly Serdarymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde paýtagtymyz Aşgabatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Ak mermerli paýtagtymyz häzirki wagtda uly ösüşlere eýe bolup, gün-günden özgerýär. Täze taryhy eýýamda aklyga, gözellige eýlenen merjen şäherimiz mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna nur hem öwüşgin çaýýar. Ajaýyplykdan, päklikden, ýiti zehinden, gözellikden kemal tapan ak şäherimiz Aşgabat özüniň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlygy, ekologiýa taýdan howpsuzlygy, ýokary amatly düzümi bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ak mermere beslenen köpsanly täsin desgalar, ymaratlar döwrümize ýaraşyk berýär.

Aşgabadyň çäklerinde gurulýan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumlary paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan asylly maksatlardan ugur alýar. Gurlup ulanmaga berilýän ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgamy hem giňden ornaşdyrylýar. «Akylly öý» taslamasy häzirki döwrüň möhüm talaby, innowasiýalar eýýamynyň kämil ugry bolup, durmuşymyza ýeňillik, amatlylyk, rahatlyk, kämillik çaýýar. Çünki paýtagtymyz Aşgabat sanly ulgamy ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Dünýä tejribesiniň, ylmyň-tehnikanyň täze gazananlaryny özüne birleşdirýän gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ýakyn geljekde intellektual-sanly şäherleriň hataryna goşuljakdygy anyk hakykatdyr. Şeýle hem Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky işlere hem uly orun berilýär. Munuň özi, gözel paýtagtymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has hem artdyrýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.