Göwrelilik döwri zenanyň ýagdaýyny we göwredäki çaganyň ösüşini anyklamak üçin meýilnamalaýyn barlaglardan geçirilmegi hökmanydyr. Ine, şeýle barlaglaryň biri-de göwrelileriň ultrasesli barlag (USB) skriningidir.
Skrining birnäçe saglygy goraýyş barlaglarynyň toplumy bolup, ol enäniň göwresindäki çaganyň fiziki ösüşini anyklamaga, hromosom keselleriniň we doga kemisligiň howply toparyny irki döwürde ýüze çykarmaga niýetlenendir. Skrining barlagyny ähli göwreli zenanlaryň geçmegi hökmandyr. Sebäbi ol enäniň göwresindäki çaganyň genetiki kesellerini, doga kemisligi, göwreliligiň dowamynda ýüze çykýan käbir meseleleri we gaýra üzülmeleri irki döwürde anyklap, bejergi almagyna ýardam edýär. Göwreliligiň tutuş dowamynda skrining barlagy 3 gezek geçirilýär (göwreliligiň her üç aýlygynda).
Birinji skrining göwreliligiň 11 hepdesinden 14 hepde aralykdaky döwri öz içine alýar we şonda göwredäki çaganyň türre-depe ölçegi (kadaly ýagdaýda 45 sm-den 85 sm-e çenli) anyklanylýar.
Birinji skrining iki etapdan durýar: ultrases barlagy (USB) we ganyň ýörite barlagy.
Birinji USB skrininginde göwredäki çaganyň:
• fiziki ösüşine;
• onuň bedeniniň gurluşyna;
• ýürek urgusyna;
• kelle we ýüzüň süňklerine, oňurganyň, kelle beýnisiniň ýagdaýyna;
• göwredäki çaganyň ýan suwuna;
• çaga ýoldaşyna;
• ýeňse meýdançasynyň galyňlygyna;
• burun süňküniň ösüşine baha berilýär.
Birinji skrining, esasanam, hromosom kesellerini — aneuploidiýany (Dauna sindromy-trisomiýa 21; trisomiýa-18; trisomiýa-13) ýüze çykarmaga niýetlenendir. Eger-de kadaly bolmadyk ýagdaýynda, hökman keseli anyklamak üçin ganyň barlagy hem geçirilýär. Ikinji skriningde göwredäki çaganyň eliniň we aýagynyň süňkleriniň ösüşine baha berilýär. Hromosom kesellerinde eliň we aýagyň süňkleri gysga bolýar.
Ikinji USB skrining 18-21 hepdelikde geçirilýär. Bu barlagda:
• göwredäki çaganyň fiziki ösüşine baha berilýär;
• çaga ýoldaşynyň ýerleşýän ýeri anyklanylýar;
• göbek bagynyň birikýän ýeri anyklanylýar;
• ýatgy boýunjygynyň uzynlygy ölçenilýär (gysga bolsa wagtyndan öň düşmek howpy döreýär);
• göwredäki çaganyň ýan suwy ölçenilýär (amniotiki indeks: köpsuwlulyk we azsuwlulyk);
• çaganyň doga kemisligi anyklanylýar;
• düwünçegiň dopplerografiýasy ýaly barlaglar geçirilýär.
Üçünji skrining 30-34 hepdede geçirilýär. Bu skriningde hem ikinji skriningiň barlaglary gaýtalanýar we çaganyň ýatyş ýagdaýy anyklanyp, lukman tarapyndan dogrumyň görnüşi: tebigy ýol bilen ýa-da kesar kesimi arkaly geçiriljekdigi kesgitlenýär.
Röwşen AKMÜRZÄÝEW, lukman.