logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Gökdere jülgesinde bäsleşikli duşuşyk geçirildi
  05.08.2023
569
Gökdere jülgesinde bäsleşikli duşuşyk geçirildi

Ahal welaýat häkimliginiň Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde bäsleşikli duşuşyk geçirildi.

 

Bu bäsleşikli duşuşyk Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi tarapyndan guraldy. Oňa «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň uly topary gatnaşdy.

 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri Döwletgeldi Güjäýew, Arslan Aşyrow, Serdarmyrat Hanýalyýew dagynyň çykyşlary diňlendi. Olar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik, meýletinlik ýaly ýörelgeleri, meýletinçileriň arasynda guralýan çäreleriň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri dogrusynda aýdylanlar aýratyn uly täsirleri döretdi.