logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gök önümleriň bolçulygy
  14.09.2021
680
Gök önümleriň bolçulygy

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün ýyladyşhana şertlerinde ter gök önümleri öndürýän telekeçiler bazar bolçulygyny döretmekde elinden gelýän zähmetini gaýgyrmaýarlar.

     Şeýle telekeçileriň döwletimiziň her bir künjeginde yzygiderli işleri alyp barmaklary has-da buýsandurýar. Sarahs etrabynyň çäginde gurlup, işe girizilen döwrebap ýyladyşhana jemi 5 gektar meýdany eýeleýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrabap ýyladyşhanada işleriň aglabasy awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär. Iki bölümden ybarat bolan ýyladyşhanada hasyl berijiligi ýokary bolan pamidor şitilleriniň 195 müň düýbi oturdylyp, olara ideg işleri awtomatik usulda ýola goýulandyr. Ýyladyşhanada ekinleri goşmaça dürli iýmitler bilen iýmitlendirmek şeýle hem suw tutmak ýaly çärelere aýratyn gözegçilikde amala aşyrylýar. Ýyladyşhanadaky tämizligi gazanmakda we ýetişdirilýän hasyly ýygnamakda ýaşlaryň 70-e golaýy önjeýli zähmet çekip, önüm bolçulygyna goşant goşýarlar. Olaryň tagallasy bilen, birkemsiz ýetişen hasyl wagtynda ýitgisiz ýygnalyp, ýörite gutulara salynýar. Öz işine ökde ýygymçylar häzirki günlerde bu işi göwnejaý ýerine ýetirýärler. Bu ýerde ýyladyşhananyň çyglylyk, ýagtylyk, ýylylyk derejesine awtomatik usulda gözegçilik edilýär. Munyň özi oturdylan pamidor şitilleriniň kadaly boý alyp, 85-90 günüň dowamynda bol hasylyň kemala gelmegine şert döredýär. Her bir düýpden 15-20 kilograma golaý hasyl ýitgisiz ýygnalýar.