logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ginnes - Dünýä rekordlarynyň eýelerini tanyşdyrdy
  11.11.2022
1911
Ginnes - Dünýä rekordlarynyň eýelerini tanyşdyrdy

«Ginnesiň rekordlar kitaby» öz guran ýörite çäresinde ajaýyp rekordlaryň eýeleri bilen tanyşdyrdy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen rekord eýeleri öz zehinleri we ukyplary bilen haýran galdyrýarlar.

- Angliýaly «George Scholey» konkide typýarka özüne berlen 500 sany rubigiň kubigini düzýär.

- Hytaýly welosipedçi «Zhang Jing Kun» tigirde aşa ýokaryk bökmegiň, päsgelçilikli ýerlere çykmagyň we bir minutda 14 gezek bökmegiň ussady.

- ABŞ-nyň Florida ştatynda ýaşaýan «Dinesh Sunar»
bary-ýogy 1 minutda gözüni ýapyp, 21 gezek arkan aşýar.

- Ýaponiýaly «Junji Nakasone»
üç basketbol topuny gursagynda 56 gezek aýlap, žanglýor çykyşlarynyň ussady.

- 14 ýaşly «Liberty Barros»
bolsa kellesini bedeniniň arkasy bilen birleşdirip 22 sekuntda 20 metr ýöremek rekordyny täzeledi.

- Amazi ady bilen hem tanalýan «Mariam Olayiwola»
, bökýän aýaklyk bilen iň köp halkany aýlamagyň ussady boldy.