logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Ghosting»: Täze nesliň gatnaşyk meselesi!
  26.11.2022
1177
«Ghosting»: Täze nesliň gatnaşyk meselesi!

« - Hemme zat gowy ýalydy, maňa üns berýärdi, wagt aýyrýardy, ýöne bir gün sebäpsiz jaň etmegini bes etdi, jaňlarymy almady we smslerime jogap ýazmady. Munuň sebäbine düşünip bilmedim. Jaň etmegimi, sms ýazmagymy goýdum!» 

- bu sözler size tanyşmy? Onda siz «Ghosting» dünýäsine hoş geldiňiz! Ghosting – bu täze ýagny ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyk meselesidir. Ghosting – gatnaşykdaky psihologiki zorluk görnüşleriniň biri hökmünde kesgitlenilýär. Iňlisçe muňa «love bombing» ýagny «söýgi partlamasy» diýilýär. Ghosting – näme, geliň biraz munuň üstünde durup geçeliň!

«Ghost» sözi «arwah» diýmegi aňladýar. Ghosting – diýen düşünje hem şundan gelip çykýar. Ýagny,  esasanam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bir tarapyň biperwaý özüni alyp barmagy we hiç zat bolmadyk ýaly ýitirim bolmagyna «ghosting» diýilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda muny edýän tarap, garşydaky tarapy äsgermezlik edýär. Beýleki tarap bolsa munuň sebäplerine düşünip bilmeýär, munuň sebäbini soramak üçin bolsa söhbetdeş boljak adamsyny tapyp bilmeýär.

Ähli zat kadaly dowam edýärkä we hiç hili mesele ýok bolmagyna garamazdan ikitaraplaýyn gatnaşykdaky taraplaryň biri birden ýitýär. Ol jaň etmeýär, soramaýar, idemeýär, aragatnaşyk saklamaýar. Şol döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar hiç hili bolmadyk ýaly derejä ýetýär.

Ghosting – köp adam tarapyndan bilnip ýa-da bilinmän edilýär. Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan bolsaňyz, ol ilki size jaň etmän, sms ýazman, soňra sizden daşlaşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hiç hili meseläniň ýoklugyna garamazdan ýitirim bolandyr.

Ghosting – köplenç ikitaraplaýyn gatnaşyklara ilki başlan tarap arkaly amala aşyrylýar. Ýagny garaşylmadyk ýagdaýda gatnaşyklara gyzyklanma döreden, özüni halamaga we gowy görmäge şert döreden tarap birden ýitirim bolýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda «ghosting» edýän ýa-da etjek tarapy bilmek juda kyndyr. Ýöne durmuşyňyza birden girip sizi ikitaraplaýyn gatnaşyklara gyzyklanma döreden, duýdansyz we geň galdyryjy mähir görkezen tarap hökman «ghosting» (ýitirim bolýar) edýär. Eger şeýle ýagdaýyň boljagyny öňünden bilseňiz «ghosting» edýän tarapyň üstüne gitmäň. Ony aljyratmaň, sögüşmäň! Sebäbi bu ýagdaý köplenç psihologiki sebäplere görä ýüze çykýar. Hatda «ghosting» edýän tarap näme üçin beýle edýändigini hem bilmeýär.

«Ghosting» edýän tarap gatnaşyklary manysyz görýär. Garşy tarapa birden umyt berýär soňra bolsa birden sebäpsiz ýitirim bolýar. «Ghosting»-e sezewar bolan tarapyň bolsa soňky gatnaşyklara ynamy gaçýar. Sebäbi ýene şeýle bolmagyndan gorkýar. Ýöne günleriň birinde «Ghosting» edýän tarapa duşmak mümkin bolýar. Olar şol wagt hiç hili zat bolmadyk ýaly hereket edýärler. 

 

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.