logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Germaniýada telegramma ibermek döwri tamamlandy
  05.01.2023
1287
Germaniýada telegramma ibermek döwri tamamlandy

German poçta bölümi (Deutsche Post) beren beýanynda täze ýylda içerki telegraf hyzmatlarynyň hem bes edilendigini habar berdi. Belläp geçsek, «Deutsche Post» telegraf hyzmatlaryny 2018-nji ýyldan bäri halkara ugurlara bermeýär.

German poçta bölümi, soňky ýyllarda aýda ortaça 200-300 telegramma iberilendigini we geçen ýylyň iň soňky gününe çenli umumy alanyňda jemi 3,228 telegramma iberilendigini mälim etdi.

Belläp geçsek, Germaniýada 160 simwola çenli telegrammany ibermegiň bahasy azyndan 12.57 ýewro barabardy.