logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Geljekde bäbekler ene garnynda dälde emeli ýatgyda bolar!
  16.12.2022
2155
Geljekde bäbekler ene garnynda dälde emeli ýatgyda bolar!

Alymlar soňky ýyllarda önelgeligiň peselmeginiň tutuş dünýä üçin uly howpdygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýa çözgüt gözleýän alymlar, geljekde bäbekleriň ene garnynda dälde emeli ýatgyda boljakdygyny mälim edýärler. Alymlar häzirki wagtda «emeli göwrelilik» taslamasynyň üstünde işleýärler. Bu ugurdaky ilkinji gözlegler 2017-nji ýylda başlady we şol ýyl «BioBag» diýlip atlandyrylýan emeli ýatgyny döretdiler. Häzirki güne çenli «BioBag» ýagny «emeli ýatgy» bilen birnäçe haýwanlaryň çagasy köpeldildi.

Golaýda bolsa alymlar «EctoLife» atly adamlar üçin emeli ýatgy ulgamyny döretdiler. Alymlar «EctoLife» taslamasynyň göwrelilikde kynçylyk çekýän ýa-da dogabitdi ýatgysy bolmadyk, önelgesiz eneler üçin uly mümkinçilik boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem bu taslamanyň geljekde wagtyň geçmegi bilen adaty dogluşyň ornuny tutup biljekdigini we gowy netijeleri berjekdigini öňe sürýärler.

Täze taslamada alymlar ähli zatlary göz öňünde tutupdyrlar. Hat-da ene-ata boljak adamlar - emeli ýatgydaky öz bäbeklerini golaýdan synlap, oňa gözegçilik edip, ýokanç kesellerden gorap saklap şeýle-de oňa kislorod we iýmit berip, galyndylaryny aýryp bilerler.