logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Geljege umytly garap
  03.04.2024
456
Geljege umytly garap

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim, medeniýet-sungat, saglyk we senagatyň dürli ulgamlarynda uly ösüşlere ýetilýär. Bu ösüşlere mysal edip, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda geçen ”Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ýagny, 1-nji sentýabr “Bilimler we talyp ýaşlar” gününde biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň täze 5000 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi görkezmek bolar bu asylly iş talyp ýaşlar bilen bir hatarda biz mugallymlary hem çäksiz begendirdi. 


 

Ýaňy ýakynda hem institutymyzyň ýolbaşçylary hem-de birnäçe tejribeli mugallymlarymyzdan düzülen topar täze düýbi tutulan institutymyzyň tejribehanalarynda we okuw otaglarynda ornaşdyryljak iň soňky, ösen döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän innowasion tehnologiýalaryny öndürýän dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Germaniýa Federatiw Respublikasyň birnäçe kärhanalaryna iş saparyny amala aşyrdylar. Mundan başga-da institutymyzda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän daşky syýasaty goldamak we daşary ýurt döwletleri bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky döwlet başlangyçlaryndan ugur alyp daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlary bilen okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Ýakyn günlerde hem şeýle tejribe iş saparlary ýene-de birnäçe döwletlere amala aşyrylar. 


 

Bize şu döredilip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp ýaş nesle ylym-bilim bermekde halypa bolup duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli bütin dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,  
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  
institutynyň mugallymy.