logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gazet okamagyň peýdaly aýratynlyklary
  23.12.2022
1044
Gazet okamagyň peýdaly aýratynlyklary

Okamak endigi islendik adamda, aýratyn hem ýaş nesillerde gowy hem asylly häsiýetleri kemala getirýär. Şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri bolan gazet okamaklyk hem terbiýeçilik ähmiýetini üpjün edýän özboluşly endikdir. Gazetler okyjylar üçin durmuşyň dürli ugurlary, ýagny sosial-ykdysady, syýasy, sport, ylym-bilim, medeni ugurlary boýunça möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Şeýle hem yzygider gazet okamaklyk söz baýlygymyzy hem artdyrýar. Gündelik gazetleri okamaklyk ynsan üçin şu aşakdaky peýdalary berip biler: 

- Gazetleriň üsti bilen dünýä ýüzünde bolup geçýän wakalar bilen habarly bolup bolýar.

- Internet ulgamyndan we teleýaýlymlardan tapawutlylykda gazet okamaklygyň beden saglygy üçin hem peýdalydygy düşnükli bolsa gerek.

- Ýerli gazetleri okamak arkaly şol ýurduň syýasy, ykdysady ýagdaýy, sport we medeni ugurlary, söwda-telekeçilik işleri we beýlekiler barada maglumatlara eýe bolmak mümkin bolýar.

- Gazetlerde berilýän dürli oýunlar, krossword hem skanword ýaly gyzykly güýmenjeler wagty täsirli geçirmäge, ýatkeşligi we zehini artdyrmaga ýardam edýär.

- Gazet okamaklyk adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär, aň-düşünjesini ösdürip, bilimini baýlaşdyrýar.

- Gazet okamak döredijilik, şygryýet bilen meşgullanýan adamlar üçin diýseň peýdaly serişdedir. Çünki onda berilýän edebi makalalar, dürli temadaky şygyrlar döredijilik ukyby ösdürmäge ýardam edýär.
 

Umuman, gazet okamaklyk ynsanyň zehinini, ukybyny baýlaşdyrýan, wagty gyzykly geçirmäge ýardam edýän, hiç wagt gymmatyny ýitirmeýän, özboluşly endik hökmünde çykyş edýär. 

 

Didarjan KALANDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.