logo

Latest news:
✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦
Home / Politics /Gazagystanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi
  29.09.2025
1868
Gazagystanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu çäre Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy, Astana şäheriniň häkimligi hem-de daşary ýurtlardaky türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Dabara Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, şäher häkimliginiň wekilleri, şeýle-de Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak däbi ýerine ýetirildi. Şeýle-de türkmen talyplary beýik şahyryň goşgularyny asyl nusgada we terjimeler arkaly okap, dabaranyň ruhuny baýlaşdyrdylar.

 

Dabara diňe bir Astana bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Almatydaky we Aktaudaky konsullyk bölümleriniň guramagynda hem dowam etdi. Bu ýerde türkmen talyplary ýerine ýetiren milli tanslary – “küştdepdi” bilen çykyş edip, özboluşly sazlary we gadymy folklor däplerini tomaşaçylara ýetirdiler. Milli tans tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylandy.

 

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şygary astynda gurnalan bu çärelerde türkmen ýaşlary çykyşlary arkaly diňe bir milli medeniýetimize bolan buýsançlaryny däl, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak baradaky çagyryşlaryny-da beýan etdiler.

 

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.