Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk - milli galkynyş
  26.09.2023
1392
Garaşsyzlyk - milli galkynyş

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň "Garaşsyzlyk - bagtymyz" atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diýmek asty-üsti hazyna bu toprakda abadan, parahat, gülläp ösýän durmuşymyzyň kemal tapmagydyr. Garaşsyzlyk diýmek öz gymmatlyklarymyzyň öz köňlümize, öz ojagymyza giňlik, ýagtylyk hem ýylylyk berip durmagy diýmekdir. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz öz nebit-gazymyza, pagtamyza, pilämize, bugdaýymyza, ýene müňde bir görnüşli baýlyklarymyza eýe bolandyrys.»  – diýip uly buýsanç bilen nygtap, Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň özboluşly bir milli ýoluny, onda-da örän dogry ýoluny saýlap alandygyny we ony tapgyr-tapgyr ösdürip, kämilleşdirip gelendigini, munuň Garaşsyz ösüşimiziň geçen ähli ýyllary, ähli döwürleri babatda alanyňda dogrudygyny, dünýäde ykrar edilen hakykatdygyny örän çeper beýan edýär. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda mundan 32 ýyl ozal – döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolan mahalymyz esaslandyrylan ykdysady ösüşiň türkmen milli nusgasy bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçirmeklige gönükdirilendir. «Ylym» neşirýaty tarapyndan 2015-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň ykdysadyýeti» atly kitapda biziň ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçiş usulynyň  geçiş döwri, bazar ykdysadyýetini döretmek döwri, jemleýji döwür ýaly üç sany döwri öz içine alýandygy beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazara esaslanylanda, Baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň milli ösüş ýoluny şu aşakdaky dört döwür bilen häsiýetlendirmek bolar:

 

 

  1. Geçiş döwri – Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar bolmak döwri.
    Bu döwürde bazar gurluşynyň aýry-aýry bölekleri hereket edip başlady we ykdysady ösüş üçin esas döredi. Türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuş derejesi durnuklaşyp, ýokarlanyp ugrady. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyz "Döwlet adam üçindir» atly kitabynda: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» - diýip, örän jaýdar bellemeklik bilen, ýurdumyzda  bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmekligiň ilkinji döwrüni Berkarar bolmak döwri diýip atlandyrdy,


     
  2. Bazar ykdysadyýetini döretmek döwri – Garaşsyz Türkmenistanyň Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamy. Bu döwürde Türkmenistanda işjeň netijeli bazar düzgüni hereket edip başlady. Bu döwürde Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem,  «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyz "Garaşsyzlyk - bagtymyz" atly kitabynda: «Biz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynyň içinde gazanylan ösüşleri üstünlikli dowam etdirdik. Munuň üçin, mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamyny yglan etdik» diýip örän jaýdar belläp geçýär.   


     
  3. Jemleýji döwür – Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwri. Bu döwürde eýeçiligi hususylaşdyrmaklyk çalt depginler bilen öňe ilerläp, bäsleşik we telekeçilik güýçlendi, bazar gurluşynyň amatlylyklary ösdi, durmuş syýasaty we ilaty iş bilen üpjün etmek syýasaty dowam etdirildi.Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmekligiň jemleýji döwri bolan Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe esasy ugur ýurdy durmuş, innowasiýa we ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirildi, durmuş we ylmy-önümçilik taýdan öňe sürülýän pudaklar, şonuň bilen bir hatarda-da bilim we medeniýet  ösdi. Garaşsyz diýarymyzda durnukly maliýe we pul ulgamy üpjün edilip, ilatyň saglygynyň we tebigy gurşawyň goralyşy güýçlendirildi. Bu döwürde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi, azyk garaşsyzlygynyň gazanylyp özümizden artan gallanyň bir böleginiň daşarky bazara eksport edilmegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi, milli gurluşyklaryň ýerli telekeçilere ynanylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Halkymyzyň asuda hem abadan durmuşynyň, eşretli ýaşaýşynyň, bagtyýar ykbalynyň wysalydyr. Şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitabynda: «2012-nji ýylda biz ösüşiň täze taryhy eýýamynyň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başlanandygyny yglan etdik.» – diýip belleýär.  


     
  4. Bazar ykdysadyýetine geçilen döwür –Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwri. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda esaslandyrylan häzirki ajaýyp zamanamyz – Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň bazar ykdysadyýetine geçen kuwwatly döwletdigini aýan edýär. Mertebesi belent Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» - diýip sözlän sözi hem, Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçen kuwwatly döwletdigini görkezýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.  Häzirki ajaýyp zamanamyzyň adynyň hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylmagy-da, biziň ýurdumyzda  bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçiş usulynyň tamamlanyp, täze Galkynyş – bazar ykdysadyýetli kuwwatly ösüş döwrüniň başlanandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda tutuş sebitde ýeke-täk ýeke-täk hasaplanylýan akylly şäheriň – Arkadag şäheriniň açylmagy hem biziň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçen kuwwatly döwletdigine güwä geçýär. Garaşsyzlygymyzyň milli ösüş ýoly ýurdumyzyň ykdysady galkynyşynyň çasly  badalgasydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň kämil binýadyny berkidip, eziz diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp gitmek bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» atly 30 ýyllyk ösüş beýany hem munuň aýdyň teswiridir. Diýmek, Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň şu günki ajaýyp ykbalynyň kepili.  Garaşsyzlyk – il-günümiziň asuda hem abadan ýaşaýşynyň, bolelin we eşretli durmuşynyň datly höziridir. Garaşsyzlyk – döwlet berkararlygynyň, ýurt bitaraplygynyň hemişelik mizemez binýadydyr. Garaşsyzlyk – ykdysady ösüşiň türkmen milli nusgasynyň özboluşly bir täsin sütünidir. Garaşsyzlyk –  milli ruhy galkynyşyň kämil esasydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna şunuň ýaly giň gözýetimler bilen çuňňur düşünmekligimiziň özi ata Watanymyza, ene topragymyza, milli ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgümizi, mizemez guwanç-buýsanjymyzy artdyrýar. 

     

    Toýly Jänädow,
    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
    Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
    Mary etrap geňeşiniň işgäri.

[1] Berdimuhamedow G. Garaşsyzlyk – bagtymyz. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. 424-nji, 426-njy, 444-nji  sahypalar. 
[2] Berdimuhamedow G. Garaşsyzlyk – bagtymyz. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. 112-nji sahypa. 
[3] Pürliýew B.G. we başg. Türkmenistanyň ykdysadyýeti. Orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. – A.: Ylym, 2015. 137-nji sahypa.
[4] Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet adam üçindir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň, metbugatyň, telewideniýäniň we radionyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda eden çykyşy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009. 3-4-nji sahypalar.
[5] Berdimuhamedow G. Garaşsyzlyk – bagtymyz. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. 112-nji sahypa. 
[6] Berdimuhamedow G. Garaşsyzlyk – bagtymyz. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. 116-njy sahypa.