logo

Latest news:
✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir
  23.09.2025
3084
Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan günü-günden ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň düzgünleri hem-de kanunlar arkaly adam hukuklary ygtybarly goralýan ýurdumyzda demokratiýanyň, hukuk döwletiniň we dünýewiligiň esaslary pugtalandyrylýar, häzirki tapgyrda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

 

34 ýyl mundan ozal türkmen halkynyň gadymdan bäri arzuwlan erk-islegi hasyl bolup, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi we ýurdumyz garaşsyz döwlet hökmünde yglan edildi. Şondan bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlere beslenýär, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi esaslary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilen konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramaga we halky döwlet işlerine işjeň çekmäge uly mümkinçilik döretdi. Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

 

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkyň erk-islegine laýyklykda gurap bildi. Onuň başlatan giň gerimli özgertmeleri dünýäde giňden ykrar edildi we onuň pähim-paýhasyny, öňdengörüjiligini görkezdi. Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegi, tebigy baýlyklary daşary bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek, kosmosa çykmak ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagy, obalaryň we şäherleriň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli aladalarynyň netijesidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz bu başlangyçlary üstünlikli dowam etdirýär.

 

Oguljan Akmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.