logo

Latest news:
✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň binýady
  20.09.2025
2550
Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş derejesiniň şirin owazyna öwrülip, dünýäniň her künjegine ýaň salýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşi we bagtyýar halkynyň gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden tanalýar. Watanymyzyň abraýy, milli medeniýetimiz we sungatymyz halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Munuň özeninde bolsa ýurdumyzy täze sepgitlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki mertebesiniň barha ýokary galmagy durýar.

 

Garaşsyzlyk taryhy, gahrymançylyga beslenen, gaýduwsyz we merdana türkmen halkynyň asyrlar boýy ýüreklerinde saklanýan arzuw-umytlarynyň we islegleriniň amala aşandygydyr. Bu, halkyň milli ruhunyň täzeden baýlaşmagydyr. Şu sebäpli, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, asylly döwranyň gelmegine, özbaşdaklygyň ykbalyny çözmäge ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şol senäniň Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine täzeden şugla saçmagy tebigy we kanunalaýyk bir ýagdaýdyr.

 

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ogulgözel GARAJAÝEWA,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki
daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.