logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Garaşsyzlyk – bagtyýar geljegiň esasy
  18.09.2025
1202
Garaşsyzlyk – bagtyýar geljegiň esasy

Garaşsyzlyk halkymyzyň müňýyllyklardan bäri arzuw edip gelen maksadynyň ýerine düşmegidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň düýpli binýady goýuldy, jemgyýetçilik gatnaşyklary täze esasda ösdürildi. Şeýle hem ykdysadyýetde we medeniýetde gazanylan üstünlikler halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna getirip, ösüşiň täze basgançaklaryna ýol açdy.

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara giňişliginde ynamdar hyzmatdaş hökmünde giň abraýa eýe boldy. Energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlarymyz dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa ýurdumyza dünýäniň syýasy giňişliginde aýratyn orun berýär.

 

Garaşsyzlygyň ýyllarynda bilim, ylym, medeniýet we sport ugurlarynda uly ösüşler gazanyldy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Arkadag şäheriniň gurulmagy Garaşsyzlygyň üstünlikli miwesi bolup, ýaş nesiller üçin beýik geljegiň binýadydyr.

 

Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistan halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň subutnamasydyr. Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde öňdengörüji başlangyçlary bilen tanalýar.

 

Akmyrat ÝAGMYROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.