logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk -ähli üstünlikleriň gözbaşy
  19.09.2025
2688
Garaşsyzlyk -ähli üstünlikleriň gözbaşy

Garaşsyzlyk halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Garaşsyzlygyň ýyllarynda ýurdumyzda döwletiň düýpli gurluşy döredildi, jemgyýetiň ösüşine täze esaslar ornaşdyryldy. Şeýle hem ykdysadyýetde we medeniýetde gazanylan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna itergi berdi we ösüşiň täze tapgyrlaryna ýol açdy.

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara giňişliginde ynamdar hyzmatdaş hökmünde giň abraýa eýe boldy. Energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlarymyz dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa ýurdumyza dünýäniň syýasy giňişliginde aýratyn orun berýär.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda düýpli ösüş gazanyldy. Halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Olaryň arasynda Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn orun tutýar – bu şäher Garaşsyzlygyň üstünlikli miwesi bolup, ýaş nesil üçin nurly geljegiň sütünidir.

 

Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyz halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa, ýurdumyzyň halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Garaşsyz we Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy öňe sürýän başlangyçlary bilen tanalýar.

 

Baky ÝEMŞIKOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.