Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk - ähli üstünliklerimiziň özeni
  08.09.2023
2253
Garaşsyzlyk - ähli üstünliklerimiziň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz abadan durmuşda ýaşaýar, belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, bedew batly okgunly ösüşler bilen döwrümizi ösüşlere beslemekde halal zähmet çekýär. Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny netijeli ösdürmäge, olaryň işini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgerişlerini başdan geçirýän merdana watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny goşalandyrýar.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler biziň şu günki durmuşymyza uly mümkinçilikleri eçilýär. Müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli ýörelgelerini dünýä ýaýmakda abraýly halkara guramalary bilen netijeli işler alnyp baryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünidir. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz kalplara buýsanç, ýollarymyza nur çaýýar. Ýagty geljegimiz bolan sagdyn bedenli hem-de sagdyn ruhly nesillerimizi belent ruhly watançylar edip terbiýelemäge gönükdirilen işler nusga alarlykdyr.

 

Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleriniň netijesinde bagtyýar halkymyz eşretiň gujagynda ýaşaýar, ýurdumyz dünýä halklarynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer, parahatsöýüjilik syýasaty netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Okgunly durmuşa geçirilýän maksatnamalar, nurana geljegimize gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeler, ýeňişli menziller halkymyz tarapyndan tüýs ýürekden goldanylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen başy başlanan döwletli tutumlar Hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär. Bu bolsa merdana watandaşlarymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ata-babalarymyzyň dürdäne ýol-ýörelgesini, türkmeniň milli göreldesini, milli demokratiýamyzy barha dabaralandyrýar.

 

Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan bu üstünlikler şöhratly geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň milli buýsanjymyza öwrülendigini aýdyň ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan, bagtyýar döwrümizde buýsanyp ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal zähmetinden barha rowaçlanýan beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyna eziz watandaşlarymyz ynamly barýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz – ähli gazanýan üstünliklerimiziň, bagtymyzyň gözbaşydyr, bagtyýarlygymyzyň güwäsidir!

Wepamyrat BABEKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.