logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Society /Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynda täze oba açyldy
  10.09.2025
2950
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynda täze oba açyldy

Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlary bagyşlaýar. Çünki Garaşsyzlyk — diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr.


2025-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Bu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde gurlup, ulanylmaga berilen täze Döwletli mekan obasynyň açylyşy Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyz üçin uly sowgat boldy.


Täze gurlan bu döwrebap oba diňe ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem ýaşaýşyň ähli şertlerini özünde jemleýär. 400 sany döwrebap jaý, saglyk öýi, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi we döwrebap infrastrukturanyň ähli görnüşleri halkymyzyň amatly durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Bu gurluşyk işleri Garaşsyzlygyň bize beren giň mümkinçilikleriniň, döwletimiziň halk üçin döredýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.


Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde oba hojalygy, bilim, saglyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda düýpli özgertmeler başlandy. Şu günki gün açylýan täze oba diňe bir ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem halkymyzyň ertirki bagtyýar geljegine bolan ynamynyň hem nyşanydyr. Garaşsyzlygyň berýän güýç-kuwwaty bilen şäherlerimiz gözelleşýär, obalarymyz döwrebap keşbe girýär, ýurdumyz dünýä bileleşiginde ykrar edilýän döwlet derejesine ýetýär.


Döwletli mekan obasynyň açylyşy diňe bir täze gurluşyk däl, eýsem halk bilen döwletimiziň arasyndaky jebisligiň, ynamyň we aladanyň aýdyň beýanydyr. Garaşsyzlygyň ýyllarynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýaşlaryň bilimli, sagdyn şertlerde terbiýelenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzyň ösen döwlet hökmünde öňe barýandygynyň subutnamasydyr.


Türkmen halkynyň Garaşsyzlygy – bu halkymyzyň ruhy güýjüniň we ösüş ýolunyň beýik nyşanydyr. Ak bugdaý etrabyndaky döwrebap obanyň açylyşy Garaşsyzlygyň miwesidir, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Garaşsyzlyk diňe bir geçmişe hormat däl, eýsem geljege ynamly ädimdir.


Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
döwlet Lukkmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.