logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
  07.01.2026
4518
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»

Ýurdumyzda ýyllara döwrebap at dakmak baradaky asylly däp dowam etdirilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyna laýyklykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi. Geljek ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylyp, onuň resmi nyşany hem tassyklanyldy.

 

Täze ýylyň şygary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň berkligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, şeýle hem halkymyzyň beýik maksatlara bolan ynamyny we ösüş ýolundaky tutanýerliligini özünde jemleýär. Bedew batly at bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we öňe okgunly ösüşiniň nyşany hökmünde beýan edilýär.

 

2026-njy ýylyň nyşany ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini, jemgyýetimiziň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar. Şeýle-de ol ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlary aňladýar.

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä, onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Täze ýylyň şygary we nyşany 2026-njy ýylda geçiriljek jemgyýetçilik-syýasy, medeni-köpçülikleýin çäreleriň, zähmet üstünlikleriniň hem-de ösüşe gönükdirilen giň möçberli maksatlaryň esasy ruhy binýady bolup hyzmat eder.

 

Laçyn HATAMOWA,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň
4-nji orta mekdebiniň iňlis dili
mugallymy.