logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«GARAŞ, EJE!» - Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA
  03.12.2022
1325
«GARAŞ, EJE!» - Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA

Garaşýan ýok senden başga,
Sen bir maňa garaş, eje!
Barmaz öýtme diýip: «Daş-la»,
Sen bir maňa garaş, eje!

Güýzler ýaşym alyp barýar,
Gije düýşüm alyp galýar.
Düşmäm bolmaz uly dünýä,
Sen bir maňa garaş, eje!

Ýagyş myžžyk eder ýoly,
Gözümdäki ýaşlar ýaly.
Aýtjak ýogun özüň ýalyň,
Sen bir maňa garaş, eje!

Eger bolsa meňzeşim meň,
Giň jahanda meňzeşim sen,
Ýazyp ýüküm ýeňlesin, goý,
Sen bir maňa garaş, eje!

Ýeňjek bolup minut baryn,
Zol sözlerňi ýatlaýaryn,
Ha, Gün çyksyn, ýagsyn garam,
Garaşawer, garaş, eje!