Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gara reňkli duz hakynda bilmek täsirli
  11.04.2023
385
Gara reňkli duz hakynda bilmek täsirli

Gara reňkli duz, adatça tebigy maddalaryň goşulmagy bilen peçde ýylylyk bilen bejerilýän, iýilýän gaýa duzudyr. Aýratynlygy hem ýumurtganyň tagamy ýaly, ysy we has ýumşak duzly tagamydyr. Saglygy bejermekde onuň duz himiki düzümini we fiziki aýratynlyklaryny üýtgedýärler. Gara duz çyglylyga çydamly bolýar. Onuň sebitine görä birnäçe görnüşi bar: 

Gawaý gara duzy. Ol işjeňleşdirilen kömür bilen garylan gymmatly deňiz duzudyr. Önüm topragyň tagamyny ýada salýar, tagamly we köplenç Gawaýda, ýöne käwagt Kiprde-de duş gelýär. 

Gimalaý gara duzy. Gimalaý daglarynyň töwereginde gazylyp alynýan duzlardan ýasalýar. Päkistanda, Hindistanda we beýleki Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ilkibaşda ol gülgüne bolup, duz bişirilýär we soňra ýakymly ysly zatlar we otlar bilen garylýar. Duz kükürt düzümi sebäpli özüniň häsiýetli tagamy bar. 

«El Sod» ýa-da Günorta Efiopiýa gara duzy. Duz «El Sod» kraterdäki duz köli bilen ýitip barýan wulkanyň gyrasynda bolup, ol şol bir obanyň ýaşaýjylary tarapyndan gazylyp alynýan duz. Bu duzy çykarmak gaty kyn we saglyk üçin howply. Duz suwy şeýle bir poslaýjy welin, eşikleri we aýakgaplary ýok edýänligi sebäpli köplenç duz gazýanlar kynçylyk çekýärler. Magdançylar burunlaryny we gulaklaryny plastik örtüklere örtülen enjamlar bilen goramaga synanyşýarlar. Taryhy maglumata görä, asyrlar boýy ýerli taýpalar bu duzy ýygnamak we soňra söwdagärlere satmak üçin kölüň suwlaryna çümüpdirler. Duz «El Sod» Efiopiýanyň hemme ýerinde paýlanýar we Somali we Keniýa çenli baryp ýetýär. 

Gara duzuň peýdalary:

• Gara duzuň peýdalary adam bedeni üçin peýdaly köp mukdarda mikroelement saklaýandygy bilen bagly. Onda kalsiý, kaliý, magniý bar.

• Gara duz bedende suw saklamaýar we bagyr we iýmit siňdiriş ulgamyndaky prosesi ýeňilleşdirýär, sebäbi düzüminde takmynan 10 esse az metal bar.

• Gara duz ýokary gan basyşy, semizlik, içege kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin peýdalydyr.

• Gara duz iç gatlagyndan we gazdan dynmaga kömek edýär, işdäňi ýokarlandyrýar. 

Gara duz barada däp-dessurlar we halk ynançlary 

Bu duz käbir halklarda diňe mukaddes hepdede, ýagny penşenbe güni taýýarlanylýan duz hasaplanylýar we şonuň üçin oňa «penşenbe duzy» hem diýilýär. Etnograflar duzuň has öňki döwürlerde-de talisman hökmünde ulanylandygyny öňe sürýärler. Halk däp-dessurlaryny we ynançlaryny öwrenýänler penşenbe güni duzuň tutuş bir ýylyň dowamynda ähli keselleriň bejergisi hökmünde ulanylandygyny beýan edýärler. Penşenbe güni duzuny uzak ýola gidenlerinde özleri bilen alyp gidipdirler. Penşenbe güni däne ekmezden ozal oňa bu duz goşulypdy we gök önüm, kelem, sogan we hyýar ekilende duzly suw bilen suwlanyp ekilipdir. 

 

Mähri ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.