Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ganatly göwünlere buýsanç paýlan möhüm waka
  04.10.2023
1943
Ganatly göwünlere buýsanç paýlan möhüm waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda müňýyllyklardan gözbaş alýan, döwletlilik ýörelgämize, agzybirligimize, jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli alnyp barylýan beýik işler bilen ata Watanymyz şöhratlanýar, at-owazasy dünýä dolýar. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenen. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli amala aşyrylýan taryhy özgertmeler döwrümizi baky bagtyýarlyga besleýär.

 

 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we döwlet sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň bitiren hyzmatlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Arkadagly Serdarymyza bu belent adyň dakylmagy ählihalk goldawyna eýe boldy.

 

 

Hormatly Prezidentimiz bu möhüm forumda eden taryhy çykyşynda: “Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe barýar. Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürmek bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys. Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň berkarar bolmagyna saldamly goşandyny goşýar. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Garaşsyz Türkmenistanda uly işler amala aşyryldy. Bu ajaýyp üstünlikler merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen gazanyldy” diýip bellemegi ganatly göwünlere uly buýsanç paýlady.

 

 

Dogrudan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda “akylly” tehnologiýalary, smart-telewizorlary, noutbuklary, innowasion enjamlary, döwrebap tehnikalary öndürilip, dünýä bazaryna çykarylýar. Munuň özi, milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy-tehniki ösüşleriň gazanylmagyna ýol açýar.

Begnazar REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy
kafedrasynyň mugallymy.