logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Galkynyşly zamananyň bedew bady rowaçlanýar
  15.06.2023
454
Galkynyşly zamananyň bedew bady rowaçlanýar

Eziz Türkmenistan Watanymyzda «Döwlet – adam üçindir!» şygary bilen amala aşyrylýan düýpli durmuş özgertmeler, oňyn başlangyçlar bagtyýar ilatymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilen bolup durýandyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda esas bolup çykyş edýär. Döwlet syýasatynda raýatlaryň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegi ugruna, ilaty iş bilen üpjün etmäge bu babatda olaryň goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly ähmiýet berilýär, goşmaça iş orunlary döredilip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny tassyklaýar we raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän ýurt hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-hyzmat ediş toplumlar, hassahanalar, sport merkezleri, şypahanalar, ýokary okuw jaýlaryň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň binalary, döwrebap sport desgalar gurulýar. Ýurdumyzda azyk önümleriniň, önümleriň hiline berk gözegçilik ýola goýulýar. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hem gerimi giňeýär. Ilatyň girdejilerini artdyrmak, zähmet öndürijiliginiň ösüş depginini zähmet haklarynyň ösüş depgini bilen utgaşdyryp alyp barmak, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meselelerine wajyp ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berilýär. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk we gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet kemala geldi. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşleri bolsa galkynyşly zamanamyzyň badyna bat goşýar. Ylmyň we tehnikanyň öň­debaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly ähli ugurlary ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar.  

 

Begli KIÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.