logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Gala» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi
  01.06.2023
834
«Gala» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Gökdepe etrabynyň «Gala» toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara Gökdepe etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gökdepe etrap şahamçasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilip, oňa ýaş nesliň wekillerinden başga-da, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdy.

Naz-nygmatly toý saçagynyň giňden bezelmeginde geçirilen dabarada halkara derejesinde bellenilýän ajaýyp sene mynasybetli gutlaglar aýdyldy, çagalara ýagşy arzuwlar beýan edildi. Aýdym-sazly çykyşlar şatlyga beslenen dabaranyň ruhubelentligini belende göterdi.

Dabaranyň dowamynda bagtyýar çagalara, şeýle-de ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gökdepe etrap şahamçasynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.