logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — ýaşlara görelde mekdebi
  14.03.2025
1628
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — ýaşlara görelde mekdebi

“Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr” diýen ajaýyp jümle, hakykatdan hem halkymyzyň parahatçylyk we agzybirlikde gazanýan üstünliklerini aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda parahatçylyk, agzybirlik we ösüşe gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Hakykatdan hem, ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursady bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr.

 

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri, ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, okamak we öwrenmek üçin iň öňdebaryjy çeşme bolup durýar. şular ýaly mümkinçilikleri döredip berendigi üçin köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän kitaplaryndaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin täsirli ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Her bir täze çap bolan kitapda türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli aladalary we tagallalary, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin sebitde rowaçlyklara we üstünliklere giň ýol açýar.

 

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.