logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy
  08.07.2026
20
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy

7-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.

 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirip, öz ýurdunda halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de doganlyk ýurduň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň şaýady bolýandygyny belledi.

 

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goňşy ýurtlar bolmak bilen, hyzmatdaşlygy däp bolan birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alyp barýandyklaryna ünsi çekdi. Şunda Milli Liderimiziň Azerbaýjana amala aşyran saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda möhüm sahypalary açandygy bellenildi.

 

Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýär. Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berip, netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

 

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna sowgat berlen “Dostluk” gämisi üçin azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny bildirdi.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda “Tebigat — ene” atly halkara çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýändigini belledi. Munuň özi iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.

 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.