logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Ene-beýikleri dünýä inderýän beýiklikdir
  08.03.2024
657
Ene-beýikleri dünýä inderýän beýiklikdir

Türkmeniň zenana goýýan hormaty, sarpasy uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda "Dünýäniň iň meşhur adamlarynyň bu mähribanlar hakdaky ýazanlaryny okap görýärin we şonda hem Ene - beýikleri dünýä inderýän beýiklikdir diýen netijä gelýärin” diýen sözleri kalbyňa jüňk bolýar. Ene bu iň gowy gylyk häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Döwletlilik-enelerimiziň mähirli ýylgyryşynda bahar ýaly, ýaz ýaly ýüzünde, ýaşaýşa ynam döredýän, güýç berýän nurana ýüzünde, garaýşyndadyr. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň zenanlara, enelere hormatyny wasp edýän birnäçe şygyrlary bar. Şolaryň biri hem:

 

        Aýal diýilýän zat-meň-de ykbalym 

        Ol çüýrän toraňňym , ilkinji söýgim

        Aýal diýilýän zat- enem, aýalym

        Agym, gülkim, ünjim,

        Ömürlik bergim. 

 

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaşlary. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda belentden-belent ösüşler gazanylýar. Ynsan mertebesi belent tutulýar. Enelerimize, gyz-gelinlerimize uly hormat goýulýar. Ak saçly enelere , köp çagaly gelinlere hormatly atlardyr orden-medallar dakylýar. Bagtyýar jemgyýetimizde zenanlar hünär saýlap, bilimlerini çuňlaşdyryp zähmet çekmekleri barada edilýän aladalar sanardan köpdür. Bularyň ählisi Watanymyzda zenana goýulýan hormatyň çäksizligidir. 

 

Goý mukaddes ojaklarymyzy mähir bilen çoýýan, ýyladýan, perzentlerimiziň terbiýesine mähir bilen garaýan, ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň gelşigi nurana ýüzli mährem enelerimiz toýlarymyza, öýlerimize bezeg bersin!

 

Leýli ARTYKMURADOWA, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň talyby.