logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Emeli aňly hasaplaýjy enjam tanyşdyryldy
  24.03.2024
786
Emeli aňly hasaplaýjy enjam tanyşdyryldy

Emeli aň bilen goldawly "OBSCURA" akylly hasaplaýjy enjamy, hat-da el bilen ýazylan matematiki meseleleri hem çözýär.

 

 

Häzirki wagtda emeli aňyň ýeten sepgitleri  geň galdyryjy täsire eýe bolýar. Diňe sesi tanamakdan geçiň, emeli aň indi hemme zady seljerip, şekilleri çyzyp romanlary ýazyp ýa-da çözmesi kyn meseleleri çözüp bilýär. Emeli aňly "OBSCURA" hasaplaýjy enjamy kagyz ýüzünde ýazylan islendik kyn meseleleri şeýle-de mysallary çözüp bilýär.

 

 

Mundan birnäçe ýyl öň adam eli bilen ýazylan hatlara kompýuteriň düşünmegi mümkin däl hasaplanylýardy. Häzirki wagtda emeli aň diňe bir düşünmek bilen çäklenmän, hat-da adam eli bilen ýazylan golýazmalary, deňlemeleri hem sanlyja sekundyň içinde çözüp bilýär.

 

 

Dizaýner Divyansh Tripathi tarapyndan döredilen "OBSCURA" hasaplaýjy enjamy ähli san meselelerine ýeke-täk çözgüt hödürlemegi maksat edinýär. Bu hasaplaýjy enjam, golýazma formulasyny surata düşürip, Photomath, Microsoft Maths Solver, Socratic ýaly analitika programmalarynyň üstünden geçirýär we meseläniň ýa-da mysalyň dogrulygyny doly tassyklaýar. Mundan başga-da, meseläni sesli soramak üçin ýörite mikrofon bar.

 

 

Bu enjamyň interfeýsi köp güýçli hasaplaýjy enjama meňzeýän bolsa-da, emeli aň bilen işleýär. Bu akylly hasaplaýjy enjam tehnologiýanyň çäklerini öňe sürýär we sanly özara gatnaşyklaryň geljegi barada çekişmelere itergi berýär.

 

Mahmyt AMANMYRADOW, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.