logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Technology /Emeli aň — sanly ykdysadyýetiň strategik güýji
  15.01.2026
165
Emeli aň — sanly ykdysadyýetiň strategik güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynda sanlylaşma dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugruny kesgitleýän esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Bu şertlerde emeli aň tehnologiýalary diňe bir sanly ösüşiň tehniki bölegi hökmünde däl, eýsem milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýän, dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrýan we bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirýän strategik binýady hökmünde çykyş edýär.

 

Emeli aň sanly ykdysadyýetde ilkinji nobatda karar kabul etmegiň hilini düýpgöter üýtgedýär. Uly maglumat toplumlaryny gysga wagtda seljermek, bazar tendensiýalaryny öňünden çaklamak, töwekgelçilikleri takyk hasaplamak mümkinçilikleri ykdysady subýektleriň has dogry we wagtynda çözgüt kabul etmegine şert döredýär. Bu ýagdaý bank ulgamynda karz syýasatynyň kämilleşmegine, senagatda önümçiligiň optimizasiýa edilmegine, döwlet dolandyryşynda bolsa serişdeleriň tygşytly paýlanmagyna getirýär.

 

Emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy öndürijiligiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary adam zähmetini ýeňilleşdirýär, iş prosesleriniň tizligini artdyrýar we önümçilik çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Netijede, ykdysadyýetde döredilýän goşmaça gymmatyň möçberi ep-esli ýokarlanýar. Bu aýratyn-da energetika, senagat, logistika, oba hojalygy we hyzmatlar ulgamlarynda aýdyň ýüze çykýar.

 

Döwlet dolandyryşynda emeli aň sanly ykdysadyýetiň möhüm strategik guraly hökmünde çykyş edýär. Salgyt ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy, kölegeli ykdysadyýetiň azaldylmagy, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy we döwlet serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen has ýokary derejede amala aşyrylýar. Bu bolsa döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary has açyk, anyk we ynamly görnüşde ösdürmäge mümkinçilik berýär.

 

Netijede, sanly ykdysadyýet şertlerinde emeli aň strategik üstünligiň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Emeli aňy milli ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edip, ony ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň hyzmatyna ugrukdyrýan döwletler global ykdysady giňişlikde has durnukly, bäsdeşlige ukyply we öňe barýan derejä ýetýärler. Geljek sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini doly peýdalanýan, emeli aňy akylly we netijeli dolandyrýan jemgyýetleriň elindedir.

 

Kakamyrat SÄHETDURDYÝEW,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.