logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Culture /El hünäriniň ezberleri
  02.11.2020
882
El hünäriniň ezberleri

      Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden illere” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzda hereket edýän dokma senagatyna degişli kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanýan bäsleşigiň esasy maksady Arkadagly döwrümizde ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza goýýan sarpasyny, söýgüsini, şeýle-de olaryň türkmen gözellerini ala-ýaza besleýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny, şahsy başarnygyny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ýaş nesilde milli nagyşly lybaslarymyza bolan höwesi artdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle asylly maksada eýeren bäsleşigiň welaýat tapgyry örän gyzykly we täsirli boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik aýratyn taýýarlykly gelen dokmaçylaryň hünär ussatlaryny ýüze çykardy.

Şeýlelikde, onuň netijesinde, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumyndan gelen dokmaçy gelin-gyzlar birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan beýleki gelin-gyzlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.