logo

Latest news:
✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦
Home / Nature /Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili
  09.05.2025
1057
Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili

Tebigaty gorap saklamak we onuň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, ekologik çäreler döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Täze gurlan we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalar daşky gurşawa hem-de adamlaryň saglygyna zyýan ýetirmez ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde peýda bolýan galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy, gaýtadan işlenilmegi hem-de tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak bilen bagly häzirki zaman çözgütleri giňden ulanylýar. Tebigatdan alynýan çig mallardan öndürilýän azyk önümleri halkara derejesindäki hil, ekologiýa we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär. 

 

Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň suw serişdeleriniň aýawly peýdalanylmagy, ýerleriň şorlaşmagynyň we çölleşmeginiň öňüniň alynmagy, howanyň hapalanmagynyň peseldilmegi ýaly möhüm meseleler boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna işjeň gatnaşýar. Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, ýurdumyzyň halkara we sebit derejesindäki ekologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýar. 

 

Türkmenistan tebigaty goramaga, onuň baýlyklaryny umumy bähbitler üçin ulanmagyň meselelerine bagyşlanan halkara we sebitara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bu çäreler ýurdumyzyň daşky gurşawy goramakda we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyny ileri tutýandygyny aýdyň görkezýär. 

 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän ekologik başlangyçlary dünýä döwletleriniň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistanyň halkara tebigaty goramak konwensiýalaryna işjeň gatnaşmagy, öz üstüne alan borçlaryny ygrarly ýerine ýetirmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň ekologiýa gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk namalary tebigatdan rejeli peýdalanmagy, daşky gurşawy goramagy we adamyň saglygyny hem-de emlägini howpsuz saklamagy maksat edinip, ygtybarly hukuk binýadyny döredýär.

 

Arzygül AÇILOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.