logo

Latest news:
✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦
Home / Poetry /«Ejem eken» Ogulnur ATAÝEWA
  28.10.2022
3852
«Ejem eken» Ogulnur ATAÝEWA

Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyň ýeňlesligni,
Öwredipdiň has kiçikäm gyz görküniň agraslygny,
On ýyl geýdiň bir geýeniň, maňa tikip köýnekligňi,
Joralarma güjeňlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deňän, görüp dursam ejem eken.

Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saňa berýän soragymam,
Günler geçdi, soň ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.

Gara saçlaň aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda, atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maňa goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän. Ejem eken...

Men özümi ýalňyz duýýan şu märekäň arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Taňryň özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meň ejem eken.

Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyň gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da eden zadym, senden kömek geljek eken,
Bir ýiten soň tapdyrmajak ýekeje zat ejeň eken.

Gyssanyber däli köňlüm, wagtyň şo bolşy, tizlänok.
Ah, bu durmyş ejeň däl-dä, ejizleseň ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyň diňlemezdim, soňam boldum derde çöken,
Awunybam arzyň aýtsaň ejeň seni diňlär eken.

Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soňa goýdym,
Şänik ýaryp maňzyn iýdim, gabygynam saňa goýdym,
Çaýlaşmana joraň gelse sen ýene-de gyzyň öwdüň,
Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluň hile, gapan,
Ýagşyň ýaýyp, kemiň ýapjak ýekeje ol ýene-de ejeň eken.