Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda jemgyýetçilik diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyny goldady ✦ ✦ V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirildi ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Edermenligiň ebedi mekdebi
  10.05.2023
723
Edermenligiň ebedi mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň uludan baýram edilmegi her birimiz üçin şatlykly wakadyr. Beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmeniň edermen ogullary, mert ýigitleri hem batyrlyk, mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Watan ogullarynyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyza abraý hem belent derejedir. Uruşda  görkezilen edermenlik milletimiziň  hakydasynda, kalbynda baky orun alandyr. Gözel paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň bina edilmegi, ýurdumyzda  uruş weteranlary hakynda  döwlet derejesinde  uly alada edilmegi hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy döwletlilikden nyşandyr. Ata Watanymyzyň täze Galkynyşyň ýoly bilen beýik ösüşlere, özgertmelere barýan ajaýyp döwründe uruş  weteranlary  hakyndaky edilýän uly aladalar, goldawdyr hemaýatlar  milli ýörelgämizdir. 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda mertlik, gahrymançylyk görkezenleriň atlary hakydalara baky ýazyldy. Asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna janyny gurban eden Watan gerçekleriniň gahrymançylygy şu günki nesilleriň kalbynda ebedilik galar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanylýan Ýeňiş güni parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri eziz Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy, Watan gerçeklerine bolan hormatymyzy has-da artdyrýar. Ata Watanymyzy söýmegi, oňa wepaly gulluk etmegi alamatlandyrýan hakyky watançylar biziň buýsanjymyzdyr. Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Goý, şeýle abadan hem bagtyýar döwrümizde, tutuş dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! 

 

Çynar GYLYÇTAGANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.