Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän, Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň nobatdaky jemleýji tapgyryna ýeňiji bolmagy başaran, ýagny Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeňiji bolmagy başaran aýratyn zehinli ýaşlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Dutarçy sazandalar bäsleşikde türkmen halk sazlaryndan «Kepderi», «Burnaşak», «Ynjytma», «Sataşdym», «Ýar gara gözli», «Gyrmyzy», «Şirin şeker», «Düşmüş» «Ýandym», «Döwletýar gyrk», «Alagaýyşly», «Haraýdonly» ýaly türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip özleriniň dutarda saz çalmagyň dürli usuldyr tärlerini, hem-de özboluşly ýol bilen çalmak bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Dutarçy bagşylar bolsa, bäsleşikde halypalardan miras galan «Eýlediň», «Oýan», «Ýandyrdyň Bibi», «Weýýar», «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli» şahasyndan «Teşnit» heňine sanalýan «Gitme Görogly», «Torgaý guşlar» ýaly türkmen hak aýdymlaryny ýerine ýetirip, bäsleşige syn edýän tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň hem-de ýaryşa synlamaga gelen tomaşaçylaryň saýlan netijesine görä, dutarçy sazandalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde:
Serdar Bäşimow
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti
Kerim Nyýazow
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby
Daýançmyrat Hangeldiýew
Balkan welaýatyndan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy
Şükürberdi Hudaýberenow
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy
Begenç Urpekow
Daşoguz welaýatyndan Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy
Lebap welaýatyndan Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Akmyrat Hoşyýew has-da aýratyn tapawutlanyp döwlet tapgyrlary boýunça «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilip Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular.
Dutarçy bagşylaryň arasynda bolsa, Aşgabat şäherinden:
70-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şaguly Hojamgulyýew "Näzli ýar",
Ahal welaýatyndan welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Idirisow «Büdi bilmen»,
Balkan welaýatyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew «Maral zeýrendi»,
Mary welaýatyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Tuhyýewa «Köne güzer»,
Daşoguz welaýatyndan welaýat medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew «Görogly» şadessanyndan «Göroglynyň öýlenişi» şahasyndan Babagammar heňine sanalýan «Bir bolar» atly aýdymyny,
Lebap welaýatyndan welaýat medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Annakulyýew «Balsaýat» atly dürli ugurlar we ýollar boýunça halk aýdymlary bilen tapawutlanyp bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde altyn zynjyra mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlaryň we gatnaşyjylaryň aglaba bölegi talypdyr-ýaşlaryň bolmagy diýseň buýsandyryjy wakadyr.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry bolsa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda uly baýramçylyk çäresidir. Bu baýramçylyk çäresi geçen ýyldan bäri uly dabara bilen geçirilýär.
Şular ýaly bäsleşikdir-ýaryşlary döredip gurnamakda, medeniýet we sungata uly tagallalar edýän Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýtýarys. Goý olaryň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Kuwwat Ýowbasarow,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriyasynyñ
«Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano»
fakultetiniň IV ýyl talyby, ýaş alym.