logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň gepleşikleri geçirildi
  10.05.2023
988
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň gepleşikleri geçirildi

Şu gün Duşenbe şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi.
Ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki duşuşyklaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ykdysadyýetiň has takygy, energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegi boýunça aýratyn üns çekdiler.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary hususy telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür düzümleriniň arasynda göni aragatnaşygyň gurmagyň zerurdygyny bellediler.
Ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça ösdürmäge gönükdirelen ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirildi.

 

TDH.