logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi
  18.08.2026
190
Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp geçirilen maslahat möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu duşuşykda Halk Maslahatynyň döwlet gurluşyndaky orny, onuň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti hem-de halkara giňişlikdäki abraýy barada giňişleýin pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.


Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Ol halkyň bähbitlerini goramak, döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ösüş maksatnamalary boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.


Türkmenistanyň «Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyna laýyklykda, bu edara döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna garamak, ösüş maksatnamalaryny makullamak we jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmak ýaly ygtyýarlyklara hem eýedir. Şeýle hem Halk Maslahaty milli we halkara derejede möhüm başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm meýdançasy hökmünde çykyş edýär.


Täjigistanda geçirilen maslahatda Halk Maslahatynyň geljekki mejlisine taýýarlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek mejlisde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerilip, geljekki wezipeler kesgitlener.


Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2028-nji ýyly “Halkara hukugynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolandygy nygtaldy. Bu başlangyç ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki işjeň ornuny görkezýär.


Halk Maslahaty diňe bir merkezi derejede däl, eýsem ýerli derejede hem işjeň hereket edýär. Welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda hereket edýän halk maslahatlary ilatyň tekliplerini öwrenmäge, jemgyýetçilik pikirini jemlemäge hem-de ýerli meseleleri çözmäge giň mümkinçilik döredýär.


Häzirki döwürde bu ulgam halk bilen döwletiň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmäge we milli jebisligi berkitmäge hyzmat edýär.


Umuman aýdanyňda, Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda, halkyň bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary goldamakda hem-de döwlet syýasatynyň halk bilen sazlaşykly alnyp barylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Gülşat Ýoldaşowa
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti