logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Durnukly ösüş - bagtly geljek
  20.01.2024
705
Durnukly ösüş - bagtly geljek

Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň hatarynda ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine ýokary ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek we olaryň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany amala aşyrmak bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, hususanda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.  

 

 

Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny kemeltmek boýunça uly işlerdurmuşa geçirilýär. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler yzygiderli döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini bezeýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň dürli tebigy hadysalardan goralmagyna mümkinçilik berýär.

 

 

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýaşaýan ýerimiziň daşky gurşawynyň abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilen kadalar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini aýdyň subut edýär.

 

 

Merjen MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.