logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /DÜNÝÄNIŇ TÄSIN TEATR BINALARY
  31.10.2022
1260
DÜNÝÄNIŇ TÄSIN TEATR BINALARY

Teatr sungaty – bu sungatyň gadymy görnüşleriniň biridir. Häzirki wagtda dünýäde şeýle bir teatr binalary bolup, bu teatr jaýlary özleriniň ajaýyp täsin we täsirli binagärligi bilen görenleri haýrana goýýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanşalyň: 

«THE Winter Garden» teatry – Toronto (Kanada). Kanadanyň Toronto şäherinde ýerleşýän «The Winter Garden» teatry hem özüniň täsinligi bilen tapawutlanyp, ol «Elgin» teatry bilen bir binada ýerleşýär.Teatryň el bilen boýalan diwarlary, üçekden sallanyp duran agaç şahalary teatry görmäge gelenleri haýrana goýýar. Şeýle hem, bu teatr binasy şol bir wagtyň özünde Kanadadaky bu desga häzirki wagtda hereket edýän iki gatynda teatr sahnasy bar bolan ýeke-täk binadyr. 

«Seebühne» teatry – Bregens (Awstriýa). Awstriýanyň Bregens şäherinde Konstans kölüniň kenarynda ýerleşýän «Seebühne», ýagny «deňiz sahnasy» teatry ýedi müň tomaşa orunlyk bolup, ol dünýäniň iň uly açyk meýdan teatry hasaplanýar. 1950-nji ýyllarda gurlan bu täsin teatr häzirki wagtda yzygiderli sahna oýunlarynyň goýulmagy dowam edýär. 

«Palas Garnie» – Pariž (Fransiýa). 1875-nji ýylda gurluşygy tamamlanan «Palas Garnieniň» teatry hem özüniň täsin gurluşy bilen tapawutlanýar. «Opera Garnie» hem diýilýän desganyň içine gireniňizde iň ünsi çekýän zatlaryň biri onuň üçegidir. 1960-njy ýyllarda Mark Çagall tarapyndan ýasalan üçegiň astynda dünýäniň iň meşhur opera eserleri görkezilýär. Aýtmaklaryna göra, Gaston Leru özüniň meşhur Operadaky arwah eserini bu desgada bolup geçen pajygaly wakadan soň ýazypdyr. 

«Minak» teatry – Kornwoll (Angliýa). Angliýanyň Kornwoll şäherçesiniň kenarynda ýerleşýän «Minak» teatry bir petek bilen hem sahna oýnuna, hem-de haýran galdyryjy, seredeni jadylaýan tebigata tomaşa etmek bolýar. Ýagny, 1932-nji ýylda bu ajaýyp teatryň kemala gelmegine Rowena Keýd sebäp bolup, ol bu teatry ýerli artistleriň sahna oýunlaryny görkezmek üçin açypdyr. Şol günden bäri bu sahnanyň repertuaryny konsertler, teatr hem-de opera çykyşlary bezäp gelýär. 

 

Ilmyrat SAPARMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.