Soňky ýyllarda söwdanyň hem telekeçiligiň çäginde tiz tagam bazary barha ösmek bilen, ösen ýurtlarda bu ugra has köp talap bildirilýär. Tiz tagam bazarynda öňe çykýan kompaniýalaryň biri-de «McDonald’s» hasaplanylýar. 1955-nji ýylda esaslandyrylan «McDonald’s» tiz tagamlary öz burgerleri bilen meşhurdyr. Bu kompaniýa tutuş tiz tagam bazarynyň ýyllyk gazanjynyň agramly bölegini eýeleýär. Mahabatlarynyň ýatda galyjylygy, esasy maksadynyň müşderiniň hoşallygy bolmagy, iň gysga wagtyň içinde eltilmegi, işgärleriniň iň gowy iş ýerleri bilen üpjünçiligi we nyrhynyň elýeterligi «McDonald’s» kompaniýasynyň strategiýalarydyr.
«Burger King». Bu kompaniýa dünýädäki iň meşhur tiz tagam kärhanalarynyň biri bolmak bilen, ol adyndan belli bolşy ýaly burgerleri bilen meşhurdyr. «Burger King» kompaniýasynyň ýer ýüzünde 17,796 sany şahamçasy bolup, onda 34,300-e golaý işgär zähmet çekýär. Ilkinji «Burger King» restorany 1953-nji ýylyň 28-nji iýulynda ABŞ-nyň Florida ştatynda açylýar.
«Starbucks». Bu kärhana taýýar kofe satýan iň meşhur dükanlary bolan kompaniýa hökmünde dünýäde bellidir. 1971-nji ýylda açylan kärhananyň häzirki wagtda dünýäde 30,000-den gowrak şahamçasy bardyr. Dünýäde iň köp kofe satýan dükan zynjyryna eýe bolan bu kompaniýada 291,000 golaý işgär zähmet çekýär. Ilkinji «Starbucks» dükany 1971-nji ýylda ABŞ-nyň Waşington ştatynda açylypdyr.
«KFC» ýa-da Kentukynyň gowrulan towuklary. Dünýäde meşhur bolan «KFC» kärhanasy towuk etinden taýýarlanan önümleri alyjylara hödürleýän kärhanadyr. Ol 1952-nji ýylda esaslandyrylýar. Meşhur kärhananyň dünýäde 22600-e golaý şahamçasy bardyr. «KFC» kärhanasynda häzir 455,000-dan gowrak işçi zähmet çekýär. Bu tanymal kompaniýa «McDonald’s»-dan soň dünýädäki iň köp restoran zynjyryna eýedir.
«Pizza Hut». Bu kärhana tiz tagam dünýä bazarynda pizza önümleri bilen meşhur bolan, amerikan pizzalaryny öndürýän belli restoranlar zynjyry bolan halkara kompaniýadyr. Bu kärhananyň ilkinji şahamçasy 1958-nji ýylda ABŞ-yň Kansas ştatynda açylýar. Kompaniýanyň merkezi edarasy Teksas ştatynyň Plano şäherinde ýerleşýär. Bu kärhananyň 100-den gowrak döwletde 15600 sany restorany bolmak bilen, ol bütin dünýäde pizza öndürýän kärhanalaryň iň ulusydyr.
Toýlymyrat GARRYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.