logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti
  28.11.2022
830
Dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti

Teodoro Obiang Nguema Mbasogo – Ekwador Gwineýasyna 43 ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip, dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti boldy. Ol golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, altynjy gezek ýurduň Prezidenti boldy.

80 ýaşly Obiang geçirilen Prezident saýlawlarynda 95%-e golaý ses aldy. Umuman alanyňda, takmynan 1,5 million ilaty bolan Ekwatorial Gwineýany 7 ýyl dolandyrjak Prezidente, şeýle hem parlament, senat we şäher saýlawlaryna 427 müň 661 saýlawçy ses berdi. Häkimiýet başyndaky Ekwatorial Gwineýanyň Demokratik partiýasy Palatadaky 100 ornuň we Senatda 55 ornuň ählisini eýeledi.

Prezident Obiang – 1942-nji ýylda doglan, syýasatçy. Ol 1979-njy ýyldan bäri Ekwador Gwineýasynyň Prezidenti bolup gelýär. Ekwador Gwineýasyna birnäçe adalar degişli bolup, ol adalarda tropiki ýagyş tokaý howasy agdyklyk edýär. Bu adalarda gorilla, şimpanze, gaplaň we tokaý pilleri ýaly köp wagşy haýwanlar ýaşaýar. «Forbes» žurnalynda çap edilen maglumata görä, Ekwador Gwineýasynyň takmynan 700 million dollar baýlygynyň ABŞ-nyň bank hasaplarynda duranlygy mälim edilýär. 

 

Kakageldi AGAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.